Şugundyryň we gamşyň aýratyn sortundan alynýan ýokumly, ak, süýji önüm, şeker.
Bir ýaglyk gandy hem Altynyň gapdalynda ýaglygy bilen ýaýradyp goýdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Tatýana çaý guýup, gandy süýşürip, Myhmanlara içgin hödür edýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gant - gandym, gandyň.