ganat

[ga:nat]

  1. Guşlaryň we käbir mör-möjekleriň iki gapdalyndaky uçmak üçin hyzmat edýän organy.

    • Ýok, Juma jijim, men urdum, onuň ganatyny çym-pytrak etdim. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Aty baryň ganaty bar. (nakyl)

    • Guş ganatyndan kireý islemez. (nakyl)

  2. Samolýotyň galyş güýjüni döredýän iki ýana uzalyp gidýän bölegi.

    • Söýgüli Watany goramak üçin, Asmanda ganatyn gerýär samolýot. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Samolýotyň ganaty.

  3. Jaýyň bir tarapyna uzalyp giden bölegi, galanyň, haýatyň bir tarapky diwary.

    • Köne galanyň bir ganaty we saňňyldap duran bir burçy köçäniň üstüne abanyp durýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Ol hökümet jaýynyň çep ganatynda ýerleşýärdi. («Mydam Taýýar» gazeti)

ganat baglamak

  1. Ganat çykaryp ugramak, uçmaga ýetişmek, uçurym bolmak.

  2. Gaty begenmek, şatlykdan uçaýjak bolmak, ýeňil gopmak.

    • Aýsoltanyň göwni ganat baglap, ylla nirädir uçýan ýaly duýuldy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

ganat germek

Örän yhlasly, mähirli gorap saklamak.

ganat kakmak

Bir zada höwes etmek, bir işe ýürek bilen ýapyşmak, perwaz urmak.