[ga:n]
Arteriýa we wena damarlary arkaly organizmiň ähli ýerine aýlanyp durýan we bedeniň ähli kletkalaryny iýmitlendirýän gyzyl reňkli suwuklyk.
Şu giň sährada at toýnagynyň çukanak gazmadyk, adam gany dammadyk bir daban ýeri ýokdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Nähak gan ýerde ýatmaz ahyryn. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
seret aglamak
Ömür söwdasynda köpi utulyp, Gan aglardy garry-goja çatylyp. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Bagdan geldi ganlar aglap, ýürek bilen bagryn daglap. («Görogly» eposy)
Könelişen söz Kesel bejermek üçin bedeniň belli bir ýerini çirtip gan çykarmak.
Keselliniň maňlaýyndan gan aldylar.
Duşman tarapyndan öldürilen adamyň üçin, olardan birini öldürmek (köne däp boýunça).
Gadam jan, balam! Meniň oglum boljak bolsaň, meniň ganymy gandarymdan al! (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan ogly)
Uruş edip gyrmak, kän adam öldürmek;.
Azap bermek, gün bermezlik.
Ýowuz uruşmak, aldym-berdimli söweşmek, gan döküşikli urşa gatnaşmak, gan döküp uruşmak.
seret eňremek
Ýerliksiz gaharlanyp, azgyrylyp öz garamagyndaky adamlary, maşgalaňy gorkuzmak, horlanmak.
Gaharyň gelmek, gaharlanmak.
Nädogry işe ganym gyzyp başlady. («Tokmak» žurnaly)
Gan dökülmek, gan akmak.
Çünki ýarasyndan gan gidip, onuň ýene essi aýylyp, ýüregi çaşyp başlady. (A. Gowşudow, Eserler)
Nähak adam öldürmek.
Jellatlar gan içip, keýpini çaglap, Garyby dünýäde her eden kanun. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Urgy, gapjama-gygyş zerarly teniň belli bir ýeriniň gan ýygnanyp gögermegi.
Onuň ýüzi tutuşlaýyn besse-besse, menek-menek gan öýüpdir. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Uruşda, söweşde gan dökmek, söweşmek.
Eýran şalarynyň leşgerleri sansyz gezek ganlaryny saçypdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ölüm howply bolmak, uruş, ölüşme howatyrly bolmak.
Dogry, elbetde, bu işden gan ysy gelýär, olar adam öldürmegi suw içençe-de görenok. («Türkmen pýesalary»)
Ysgyna gelmek.
Gam bilen gussa gark bolan tukat kolkozçylaryň ýürekline kuwwat gelip, damarlaryna gan ýöredi. (A. Gowşudow, Eserler)
Agyr horluk çekmek, zorluk görmek.
Urup, urşup, üsti-başyny gan etmek.
Päl azyp, adam öldürmegi, gan dökmegi islemek, höwes etmek.
Bir zatdan gorkup ýa-da syrkawlap, reňkiň agarmak, ýüzüň agarmak;.
Gaharyň galmak, gaharlanmak.
Umsagülüň gany gaçyp, gara dodaklary müňküldejek bolanda, Halnazar, onuň öňüni gabzady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýüzünde gan-pet bolmadyk, reňki ak.
Aýna şol gelene seredip, onuň ganynyň gaçykdygyny, balkyldaýan gözleriniň şöhlesiz görünýänini syzdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Gyzgyn hyjuw döremek, ganyň güýçli gyzmak.
Kim beripdir kakasyna nagany, Ýaş oglanyň birden gaýnady gany. (M. Seýidow, Gijeki myhman)
Sähel zada gahary gelýän gaharjaň.
Gadam örän ýaş ýigit, gany gyzgyn ýigit. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan ogly)
Gahary gaçmak, köşeşmek.
Maralyň gany sowamandy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Jany sag, ýüzi gyzaryp duran, sagat.
Nähak öldürmek.
Iki adamyň ganyna galdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Köne adat boýunça öldürilen adamyň hununy sormak, ar almak.
Şonuň üçin-de bularyň ganyny sormaga het edip bilen adam bolmady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Könelişen söz Adam öldüreniň günäsini geçmek.
Ýagşy seniň üçin men bu derwezabanyň ganyny geçýärin. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Gaharyny getirmek, janyňy ýakmak.
Siz nähak ýere Wolstnoý aganyň ganyny gyzdyrdyňyz. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Rehimsiz horlamak, köp işletmek, ýowuz eksplautirlemek.
Bir zada gaty gaharlanmak, reňkiňi ak tam etmek.
Ýaňy daň ýagtylanda, ýüzüniň ganyny gaçyryp, Hoşly Aman poşçynyň öýüne geldi. (A. Gowşudow, Eserler)
Itiniň aýylganç uwlap, bagry bilen süýşüp, howla girenini gören Gulman ýüzüniň ganyny gaçyryp, derwezäniň agzyna çykdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Kesellilik zerarly gözüň gyzarmak.
Gahar-gazaba münmek gazaplanmak.
Hojamyradyň süzgek gözüne gan indi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)