Suwly ýerlerde çybyk-çybyk bolup bitýän, baldagynyň içi deşik, bogun-bogun köpýyllyk ösümlik.
Göwün-göwünden suw içer, gamyş-bogundan. (nakyl)
Gamşy gowşak tutsaň, eliňi gyýar. (nakyl)
Öýüň daşyna tutmak üçin gamyşdan örülen serişde.
Häzir şol jaýyň daşy köne gamyş aýlanan ýaly bolup dur. («Tokmak» žurnaly)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Meselem gamyş - gamşy.
seret gulak
Gamyş gulak bedew atlar ýörände, ýeriň tanapyna külterläp çekýär. (N. Pomma, Saýlanan eserler)