gamaşyk

[ga:maşyk]

Gamaşyp duran, oňly görülmeýän, bulaşyp duran, açyk däl.

  • Gamaşyk gözleriniň meni görýänligi ýakymly däldi. («Mydam taýýar» gazeti)

  • Gamaşyk howada ak gar gaýmalaşýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gamaşyk - gamaşygy.