gamaşmak işlik

[ga:maşmak]

  1. Gök iýmiş, gaty turşy tagam igmeklik zerarly dişiň çeýnemeklik ukyby peselmek.

    • Dişim gamaşýar.

  2. Ýiti şöhläniň, güýçli ýeliň täsiri we ş. m. netijesinde gözüň görmeklik ukyby peselmek, ýaşaryp ümezlemek, gözüň öňi bulaşmak.

    • Trahoma göreje geçende, gözde gamaşmak we bulaşmak peýda bolýar.

    • Üýtgäp bulaşmak, gararyp bulutlaşmak. (Howa hakda)

    • Howa gamaşyp, asmanyň ýüzüni aksowult bulut perdeläpdir. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

ýüzi gamaşmak

seret ýüz

  • Şol sekuntda güler ýüzi gamaşdy. (B. Kerbabaýew, Aýlar)