gamçy gam‧çy at

At sürmek üçin taýajyga berkidilip, gatlanyp tikilýän, örülýän gaýyş.

  • Hoşly garyljyk sesi bilen gygyryp, gamçysyny bulaýar. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Bogdanow, biz taýýar! -- diýip, bilinden gamçysyny çykaryp aldy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

gamça basmak

Ata gamçy çalyp ýüzin salyp çapyp gitmek.

  • Meret obadan çykandan soň, ýabysyny gamça basdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

gamçy iýmek

Urulmak.

gamçy towlamak

Haýbat atmak, gorkuzmak.

  • Oň üstüne gamçy towlap hojaýyn iýdiň, içdiň -- diýip, hakyn bermändir. (N. Pomma, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • gamça
  • gamçydan
  • gamçydyr
  • gamçylar
  • gamçylardan
  • gamçylardy
  • gamçylaryna
  • gamçylaryny
  • gamçylarynyň
  • gamçylaryň
  • gamçyly
  • gamçymyz
  • gamçyny
  • gamçynyň
  • gamçysy
  • gamçysyn
  • gamçysyna
  • gamçysyndan
  • gamçysyny
  • gamçysynyň
  • gamçyň
  • gamçyňy