gam at

seret gaýgy

  • Meniň gamym, aladam özüme ýetik. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Emma welin ýene-de Orazgülüň derdi, gamy özüne ýetikdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

gama batmak

Bir zat barada gaýgylanmak, bir zadyň pikirini çekmek.

  • Ýene-de Ýegorjyk birden gama batdy. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

gamyny iýmek (etmek)

Bir zadyň öňünden ugruna çykmak, aladasyny etmek.

  • Eklenç gamyny etmän, ýaltalygy söýýänler, işe barman, biderek ýatmaklykdan el çekiň! (Ata Salyh, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • gama
  • gamam
  • gamda
  • gamdan
  • gamdyr
  • gamlar
  • gamlardan
  • gamlary
  • gamlaryny
  • gamlarynyň
  • gamlaryň
  • gamly
  • gamlydy
  • gamlylyk
  • gamsyz
  • gamsyzlygyna
  • gamsyzlygyň
  • gamsyzlyk
  • gamy
  • gamydy
  • gamydyr
  • gamym
  • gamymy
  • gamyn
  • gamyna
  • gamynda
  • gamyndady
  • gamyndaky
  • gamyndan
  • gamyny
  • gamynyň
  • gamyň
  • gamyňa
  • gamyňy
  • gamça