galyplatmak işlik

[ga:ly:platmak]

Galyba saldyrmak, galyp urdurmak.

  • Tuflimi galyplatdym welin, oňat boldy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem galyplatmak - galypladýar, galypladar, galypladypdyr.


Duş gelýän formalary
  • galyplatdym