galyndyrmak işlik

Zyýan ýetirilen maddy we moral ýagdaýdan, agyrlykdan çykarmak, aýak üstüne galdyrmak, özüni tutmaga mümkinçilik döretmek.

  • Gorkaklar, namartlar, ejize ganymlar, Wepasyzlar, dönükler bolsa masgaralanýlar we galyndyrmaz gargyş astynda galýardylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Ony biz galyndyryp bilmeris. (B. Kerbabaýew, Japbaklar)


Duş gelýän formalary
  • galyndyrmadyk
  • galyndyrman
  • galyndyrmaz
  • galyndyrmaýan
  • galyndyryp