galyndy

[ga:lyndy]

  1. Tutuş zadyň ujundan artyp galan bölek, artyp-süýşen, artyk zat.

    • Gurban elindäki almanyň galyndysyny süňküň üstüne oklady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Galyndy mata.

  2. Öň bolan zatdan saklanyp galan zat.

    • Gadymy urp-adat galysyndan boşamadyk Nursoltan ýetişen gyzyny ýerleşdirenini hem görmeýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  3. Derde ýaramaýan zyňyndy, taşlandy, zir-zibil.

    • Galyndy hapa zatlar çukura dökülýär.


Duş gelýän formalary
  • galynda
  • galyndyda
  • galyndydaky
  • galyndydan
  • galyndylar
  • galyndylara
  • galyndylarda
  • galyndylardan
  • galyndylary
  • galyndylarydy
  • galyndylarydyr
  • galyndylaryna
  • galyndylarynda
  • galyndylaryndan
  • galyndylaryny
  • galyndylarynyň
  • galyndylaryň
  • galyndyly
  • galyndylyk
  • galyndyny
  • galyndynyň
  • galyndysy
  • galyndysydyr
  • galyndysyna
  • galyndysynda
  • galyndysyndan
  • galyndysyny
  • galyndysynyň
  • galyndysyz