galyň ga‧lyň 1

Ýuka däl, küti.

  • Ol sülgüniň elindäki galyň kagyzyň bir ýanyndan tutdy. («Kolhoz günleri»)

  • Olaryň ýygnan gerbarileri üç sany galyň albomy emele getirdi. («Pioner» žurnaly)

ýüzi galyň

seret ýüz

  • Biz-ä ýaňky adamlaryň ýüzleriniň hamyny gaty galyň gördük. («Tokmak» žurnaly)

galyň ga‧lyň 2

Könelişen söz Gelin edinilende gyz üçin salynýan salgyt.

  • Olar agyr galyň salyp durmazlarmyka diýýän. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Sen galyňa garşy bolsaň-da, Hojaguly garşy bolmaýar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

galyň ga‧lyň 3

Her birnäçe, käbir bolar-bolmaz.

  • Galyň azgynlar biziň şu günümizi hem köp gördüler. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)


Duş gelýän formalary
  • galyňa
  • galyňam
  • galyňdan
  • galyňdy
  • galyňdygyna
  • galyňdygyny
  • galyňdyr
  • galyňlaryň
  • galyňlyga
  • galyňlygy
  • galyňlygyna
  • galyňlygynda
  • galyňlygyndan
  • galyňlygyny
  • galyňlygynyň
  • galyňlyk
  • galyňlykda
  • galyňlykdyr
  • galyňsyz
  • galyňy
  • galyňyna
  • galyňyndanam
  • galyňyny
  • galyňyň