galoş

Ygal bolanynda ädigiň, botinkanyň daşyndan geýilýän ýa-da diňe özi geýilýän düz ökjeli gonçsuz we bagjyksyz rezin aýakgap.

  • Onuň tomsuň jöwzasynda-da aýagyna galoş bilen mesi geýenini göreniňde ol bir molladyr diýen pikir göwnüňe gelendir. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Anna pilpil galoşyny çykardy-da töre geçip oturdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • galoşlaram
  • galoşlary
  • galoşlaryny
  • galoşly
  • galoşy
  • galoşy-da
  • galoşymyň
  • galoşyndan
  • galoşyny
  • galoşyň