Ýokary galmak, göterilmek.
Emma ol derýa däldi, ol günüň howrundan galkan salgymdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Göçme manyda Aýaga galmak, baş götermek.
Galkyň indi, mahal boldy galkmaga, ýarag edip elde herne baryňyz. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
seret göwün
Aýnanyň şol wadasy ýadyna düşende, onuň göwni has-da galkýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Göwnüm galkyp, gülzarlykda gül açýar. (N. Pomma, Saýlanan eserler)