[ga:lgatmak]
Ýelin ýa başga bir zadyň täsirinde ykdyrmak, pasyrdatmak, eýläk-beýläk bulaýlatmak, ýelpesetmek.
Başlyk gamçaly elini galgadanyny hem duýman galdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Ol çokully saçyny sekildedip, ellerini galgadyp gepledi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem galgatmak - galgadýar, galgadar, galgadypdyr.