galapyn ga‧la‧pyn kömekçi

[galapy:n]

«Köplenç, köp ýagdaýlarda, mydama» diýen manydaky kömekçi söz.

  • Pökgen özüni işeňňirligini bildirjek bolup, galapyn sowatly bolan kolhoz adamlarynyň bir özünden başgasyny sowatsyz edip görkezdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Orta mekdepler galapyn uly kolhozlaryň hem her birinde bar. («Mydam taýýar» gazeti)

  • Bu dogruda aýdylan habar galapyn gabat gelýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)