gahar at

Gaty närazylyk netijesinde peýda bolýan gazaply duýgy, gazap.

  • Gahar uçganaklap öň gözlerinde, gaşlarynyň arasy çytylyp gitdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Gaharym gelse diýip çak etdiler. («Tokmak» žurnaly)

  • Gaharyň aňy bolmaz. (nakyl)

  • Çilim bir gaharda, bir naharda. (nakyl)

  • Gahar öňde ýörär, akyl-yzdan. (nakyl)