gadyr at

  1. Birek-birege goýulýan hormat, sylag, gadyr-gymmat.

    • Gadyryňy bileniň gadyryn bilýärsiň. (R. Seýidow, Bagtlylar)

    • Öwredeniň üçin sag bol dost, men özüm seniň gadyryňy bilerin. (H. Ysmaýylow, Iki Atanyň Ogly)

  2. Bir zadyň gymmaty, höziri, bahasy.

    • Gallanyň gadyry şondan soň bilner. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Zer gadyryny zergär biler. (nakyl)

    • Arynyň zäherini çekmedik, balyň gadyryn näbilsin. (nakyl)

gadyr gijesi

Dini söz seret gije