gadam

Edilýän ädim.

  • Hersi bir milletden, bir topar adam, deň ýöräp dostlukda deň basyp gadam. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ençe wagt geçdi iki aradan, Batyrgaý gadamyn ädeli bäri. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  • Derbi-dagyn etdik durup serhetde, Mukaddes topraga gadam atany. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

gadam urmak (basmak)

Öňe hereket etmek, ileri gitmek, ýöremek.

  • Nury diýr, özüňi görkezip onda, ýeňişden-ýeňişe gadam ur öňde. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)