gadak

409, 5 grama deň agyrlyk ölçegi.

  • Her penjesi bir gadak, tiz ganaryn doldurýar. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  • Näzik, nepis, sowut kümüş şaýlaryň, dört gadakdan artyk geldi agramy. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gadak - gadagy.