gabzamak işlik

Bolýan hereketiň, ýagdaýyň öňüni almak, päsgel bermek, hereketiň amala aşmagyna bökdenç bolmak, düýrüp almak.

  • Umsagülüň gany gaçyp, gara dodaklary müňküldejek bolanda, Halnazar onuň öňüni gabzady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Gyzgylt köpek onuň öňüni gabzap, haýal ädim uýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Aşyr owsala ýüregini aldyrman, onuň öňüni gabzady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)