gabyr

Meýit gömlen çukur, mazar, gör.

  • Men senden aýra düşsem, Gabrymy gazan aglar. (A. Gowşudow, Eserler)

  • Ganymyň gabryn gazyp kepen donun biçmäge, Eý, goly ýarag tutan, bizi çagyrýar Watan. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem gabyr - gabry.