gabyk

[ga:byk]

  1. Ösümlikleriň baldagynyň, köküniň daşyndaky örtügi.

    • Bu zat agaç kökünden ýa-da gabygyndan edilen undan bişirilipmi, nämemi, ondan agaç ysy gelýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Ine, ine, görüň -- diýip, agajyň daş gabygyndan oýulyp aýrylan ýerini eli bilen görkezdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Käbir ösümlik miweleriniň (çigidiň, soganyň, nohuduň we ş. m. ).

    • Daşky örtügi.

    • Hoz iýilmeýän gabykdan we tagamly maňyzdan ybaratdyr. (S. N. Winogrodow, A. F. Kuzmin, Logika)

    • Güzde zaýa etmän, gabygyn bölmän, Gruzin gyzlary mandarin ýygýar. (A. Haýydow, Gök Asman)

    • Onuň suwunyň ýüzünde çüýrük ýeralmanyň gabyklary gaýýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Sopy sogan iýmez, tapsa-gabygyny hem goýmaz. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gabyk - gabygy.