gabsatmak işlik

[ga:bsatmak]

Büräp aldyrmak, urdurmak, doldurmak (ýel, tüsse we ş. m. hakda).

  • Ejem bärsinden gabsadyp goýberdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gabsatmak - gabsadýar, gabsadar, gabsadypdyr.