gabatlamak işlik

  1. Gabatma-gabat etmek, garşyma-garşy etmek, biri-birine göni getirmek, gönülemek.

    • Iki hatar duraýsadyk gabatlap. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Bir zada ýa-da wagta laýyk geler ýaly hereket etmek, niýet edip iş görmek.

    • Festiwala gabatlap Moskwa gitdik.

  3. Gabat öňünden çykmak, öňünden garşylamak. Pete-pet gelmek.

    • Onuň özünden, gapdalyndan hem ýörite iberilen otrýadlar gabatlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)