gabat ga‧bat sypat

Bir zadyň göni öňünde, garşysynda duran, garşydaş bolan, göni alnynda.

  • Diňe bir seňki däl, goňşyň goňşusy, seňki dek jaý tutdy goňşyňka gabat. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Gabat garşymyzdaky dag kertleriniň üstüni çalymtyk ümür örtüpdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Mekdebiň gabat gür baglyk bardy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gabat - gabady.

gabat gelmek

  1. Biri bilen duş gelmek, pete-pet bolmak, duşmak.

    • Ol maňa her gün kitaphananyň agzynda ýa-da özünde gabat gelýär. («Tokmak» žurnaly)

  2. Dogry gelmek, laýyk gelmek, bir wagta düşmek.

    • Ol waka meniň okan ýyllaryma gabat gelýär.


Duş gelýän formalary
  • gabada
  • gabady
  • gabadym
  • gabadymdaky
  • gabadyna
  • gabadynda
  • gabadyndaky
  • gabadyndan
  • gabatda
  • gabatdaky
  • gabatdan
  • gabatdyr
  • gabatlaryndaky
  • gabatlygy
  • gabatlykda