gabartmak işlik

[ga:bartmak]

  1. Içine zat salyp gübertmek, pökgertmek, çişirmek (halta, çuwal we ş. m. hakda).

    • Ol ýaňy haltasyny gabardyp ugran wagty, ogrulygynyň üstünde tutuldy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  2. Gabarçyk emele getirmek, gabarjyk döretmek.

    • Tufly aýagymy gabartdy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gabartmak - gabardýar, gabardar, gabardypdyr.