gabarmak ga‧bar‧mak işlik

[ga:barmak]

  1. Göwrümi ulalmak, pökgermek, güberilmek, çişmek.

    • Fartuklary gitdigiçe gabarýar, uzakdaky harman gar dek agarýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Eňegi bilen tegelenip, gabaryp duran ýüzüniň etlek ýaňaklary özden hem kiçijik burnuny has-da myşşyk edip görkezýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Gabarçyk emele gelmek, pakgarmak.

    • Elimiň aýasy gabardy.

    • Aýagym gabarypdyr.

  3. Göçme manyda Ýerliksiz öwünmek, güplemek, çişmek.

    • Bolsa-da ol gabarmagyň we çişmegi gadyryny bilip, hötdesinden gelýän adam ekeni. («Tokmak» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • gabaraly
  • gabaran
  • gabaranmy
  • gabarany
  • gabaranyň
  • gabarar
  • gabarasy
  • gabardam
  • gabardy
  • gabarma
  • gabarmagyň
  • gabarmak
  • gabarsyn
  • gabaryp
  • gabarypdyr
  • gabarýandygy
  • gabarýar
  • gabarýardy