gabanjaňlyk ga‧ban‧jaň‧lyk

[ga:banjaňlyk]

Gabanjaň häsiýetli, gylykly bolmaklyk, özgelerden gysganyp goraýjylyk.

  • Aýnanyň göwnüne gelen gabanjaňlyk guşy uçdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Gabanjaňlyk edip ýalňyşýan belki. (R. Seýidow, Bagtlylar)

  • Oň gabanjaňlygy öňküsinden on esse artypdyr. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gabanjaňlyk - gabanjaňlygy.


Duş gelýän formalary
  • gabanjaňlyga
  • gabanjaňlygy
  • gabanjaňlygy-da
  • gabanjaňlygydy
  • gabanjaňlygynam
  • gabanjaňlygyndan
  • gabanjaňlygynyň
  • gabanjaňlygyň
  • gabanjaňlykda
  • gabanjaňlykdan