gabamak işlik

[ga:bamak]

  1. Töwerek-daşyny gurşap almak, töweregine halkalaýyn aýlanmak, gabawa salmak.

    • Gürrüňe başladyk jemläp başymyz, Polisiýalar gabap aldy daşymyz. (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Biz olary gizlin ýerde goýup, jaýy gabadyk. («Pioner» žurnaly)

    • Olar meni görüp derrew daşymy gabadylar. («Sowet Edebiýat» žurnaly)

  2. Biriniň daşyna üýşmek, bir zadyň töweregine ýygnanmak, toplanmak, halkalaýyn aýlanmak.

    • Toplanan märeke onuň daşyny gabady.