gabahat ga‧ba‧hat

Gaty, ýaramaz, aýyp, erbet, ýazgarylýan , hereket.

  • Eden şertnamasyny gabahat bozup, nejis galtamanlar geçdi serhetden. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Seniň aýalyň gaty gowy adam ýaly-la, şu işiň gabahat bolaýmasyn. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gabahat - gabahady.


Duş gelýän formalary
  • gabahatdygyna
  • gabahatdygyny
  • gabahatdyr
  • gabahatly
  • gabahatlygy
  • gabahatlygyny
  • gabahatlygyň
  • gabahatlyk
  • gabahatlykdyr