gaş1

[ga:ş]

Göz ortymynyň üstündäki gyýlyp duran gara tüý we şol ýer.

  • Aýsoltanyň gyýma gara gaşlary biraz ýazylypdyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Aýna ejeşliginiň ýüzüne çiňerilende, onuň ýazylyp ýatan gara gaşlary hyrsyzlandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ýaý ýaly gara gaş, ok deý kirpikler alaýjaga meňzeýär golaý ýeteni. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  • Gözüme bolandan gaşyma bolsun. (nakyl)

gaş bejerjek bolup göz çykrmak

Gowusyny etjek bolup bulaşdyrmak, erbet etmek.

gaş çytmak

Bir zada naýyl olup gaharlanmak maňlaýyňy ýormak.

  • Gaşlary çytylýar gözleri ýanýar aý ýüzünde gahar-gazap öýşüni. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

gaş kakmak

Gaşyny hereket etdirip, göz-gaşyny oýnatmak, yşarat etmek.

gaş tapyşmak

seret gaş çytmak

gaşy ýazylmak

Gahary gaşmak, ýüzi açylmak.

  • Garyp enä gözüň aýdyň diýeli, ýazylsyn onuňam çytylan gaşy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

gaş2

[ga:ş]

  1. Ýüzügiň, gül ýakanyň we ş. m. bezeg -şaýlarynyň ýüzüne oturdylýan, berkidilýän gymmatbaha daş.

    • Ýüzügimiň gaşy döwülipdir.

  2. Eýeriň öň tarpyndaky somalyp duran tommak ýeri.

    • Annagulynyň bolsa bir eli eýeriniň gaşynda.

    • At çapanyňdan-a geçdik, eýeriň gaşyna berk ýapyş. (nakyl)