gaňyrmak işlik

Bir ýan ýüzüne egmek, bir tarapa egreltmek; tersine egmek, tersine towlamak.

  • Soň ullakan gurply ýogyn demir bilen gaňryp açdylar. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem gaňyrmak - gaňrar, gaňrypdyr.

gaňryp almak

Zor bilen almak, güýç bilen almak.

  • Eziz han kimiň oňat ulagy bolsa, atasyndan galan miras ýaly gaňryp aldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)