gaňrylmak işlik

  1. Boýnuňy yzyňa öwürmek, boýnuňy öwrüp seretmek.

    • Ussa körügini basyp duran ýerinden, gözüni adamçy erkegiň sözi ýalyp edip gaňrylyp seretdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Gyzy süýräp barýan sygryň başy birden yzyna gaňryldy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  2. Öwrülip durmak, tersine öwrülmek.

    • Diňe menden başga adamlan bary ýatypdyr diýdi-de gaňrylyp durdy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  3. Bir ýan ýüzüne egilmek, egrelmek, tersine towlanmak, ýüzi gaýtmak.

    • Çişiň ujy gaňrylypdyr.