gaňňa

Münmek ýa-da ýük ýüklemek üçin eşegiň arkasyna salynýan, agaçdan edilen eýer görnüşli esbap.

  • Müngä bolmaz ýaz aýyna bakmasaň, üzeňňiň üzüler gaýyş dakmasaň, Gaňňaň agar, garynbagyň çekmeseň, Dürtünip meýdanda dursuň eşekli. (Durdy Gylyç, Goşgular)

  • Narly Nepesowiç bu gezek sesini çykarman yza çekilende, agajyň gaňňa ýaly köküne büdräp, diň arkan ýykyldy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

gaňňaňy garnyň aşagyna almak

Ýönekeý zada gaharlanmak, derrew gaharyň gelmek.

gaňňaňy gyşartmak

Aýdylan-diýleni äsgermezlik, gepini, sözüňi gyşartmak, ters gürrüň etmek, kesirlik etmek.

  • Gaňňaňy gyşartsaň, gaňryp aljak. (B. Kerbabýew, Aýgytly ädim)

  • Gaňňaňy gyşartsaň-da mazaly bol!