[ga:ýyp]
Göze görülmeýän, gözden ýitirim bolan.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gaýyp - gaýyby.
Gözden ýitmek, görüm-jürüm bolmak, zym-zyýat bolmak.
Kimdir biri gerip ýör suwuň boýuny syryp, Birden ol gaýyp bolup gitdi gür baga girip. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)
Bu gyzyň şeýle görnüşi bilen Hoşgeldiniň gözi öwrenişip, bir sekunt geçmänkä, ol surat ene Hoşgeldiniň gözüniň öňünden gaýyp boldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)