gaýym

[ga:ýym]

  1. Pugta, mäkäm, berk.

    • Ol yş galan ýerini gaýym başyr. («Görogly» eposy)

    • Guwanjym sen, güneşim sen, tagtym sen, Sen ugruňda bili guşadym gaýym. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  2. Tutanýerli, işine jür.

    • Aýaly Lýudmila örän mylaýym, eli dek duranok, hyzmata gaýym. (Çary Aşyr, Poemalar)

    • Gaýym adam.

  3. Ykjam, ýaraşyp duran (gural hakda).

    • Bu kätmen ýeňiljek hem otaga gaýym. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)