gaýyk ga‧ýyk at

Suwda kürek bilen sürülýän gäminiň bir görnüşi.

  • Ilerki burundan bir gaýyk dolandy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Derýanyň ýüzünde ýelkenli gämiler, ýelkensiz gaýyklar ýüzýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Olar atjak bolup çenänlerinde, Pöwhe öldüm-öldümde gelip, gaýygyň gyrasyna ýapyşdy, gaýyk ýene düňderildi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gaýyk - gaýygy.


Duş gelýän formalary
  • gaýyga
  • gaýygy
  • gaýygym
  • gaýygyna
  • gaýygynda
  • gaýygyndan
  • gaýygyny
  • gaýygynyň
  • gaýygyň
  • gaýykda
  • gaýykdaky
  • gaýykdan
  • gaýykdygy
  • gaýykdygyny
  • gaýykdyr
  • gaýyklar
  • gaýyklara
  • gaýyklaram
  • gaýyklarda
  • gaýyklary
  • gaýyklaryna
  • gaýyklaryndanam
  • gaýyklaryny
  • gaýyklarynyň
  • gaýyklaryň
  • gaýykly
  • gaýyksyza