gaýyşmak ga‧ýyş‧mak 1 işlik

seret gaýşarmak

  • Zordan yzyna gaýtardyk -- diýip, Amanmyrat arkan-ýüzin gaýşyp güldi. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem gaýyşmak - gaýşar, gaýşypdyr.

arkan-ýüzin gaýyşmak

Bolmajyňy bolmak, hondan bärsi bolan bolup ýörmek.

gaýyşmak ga‧ýyş‧mak 2 işlik

[ga:ýyşmak]

Howada, suwuň ýüzünde gaýmalaşmak, ýüzüp ýörmek, gaýyp ýörmek, gaýyp uçuşmak.

  • Erik agaçlarynyň ýapraklary şemalyň ugruna gaýyşyp düşýärdiler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • gaýyşdy
  • gaýyşdy-da
  • gaýyşdylar
  • gaýyşmak
  • gaýyşmaz
  • gaýyşyp
  • gaýyşýar