gaýyş1

  1. Käbir haýwanlaryň hamyndan taýýarlanylýan teletin.

    • Ata sag elinden çykaran gaýyş elligini epleşdirip başlady. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

    • Egni plaşly, başy gaýyş papakly bir ýolagçy hüňürdedi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Safi eýranparaz elinde gaýyş gaply bir kitap tutup, öňe çykdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  2. Bile we ş. m. baglaýan kemer.

    • Gaýyş daňy bilen daşy daňlan odeýalyny we kitap ýüküni alyp, maşyndan bäş-an ädim arany açdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, -ýyş goşulmasynyň arasyndaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem gaýyş - gaýşym, gaýşyň, gaýşy.

gaýyş2

Dialektal söz Belke ýaly ýaýylyp bişirilýän naharyň bir görnüşi.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, -ýyş goşulmasynyň arasyndaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem gaýyş - gaýşym, gaýşyň, gaýşy.

gaýyş3

Ýylanyň gijesine tutulýan ady.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, -ýyş goşulmasynyň arasyndaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem gaýyş - gaýşym, gaýşyň, gaýşy.