gaýtmak işlik

  1. Gelen ýeriňe gitmek, yzyňa ugramak, öwrülmek.

    • Myhmanlar öýli-öýüne gaýtdy. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň Gyzy)

    • Şady, özüň bil men-ä gaýtjak. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň Gyzy)

    • Ýow gaýtsa, agsak ozar. (nakyl)

  2. Ýokardan aşak gaçmak, ýykylmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gaýtmak - gaýdýar, gaýdar, gaýdypdyr.

işi gaýtmak

seret

ýüzi gaýtmak

seret ýüz