gaýtartmak işlik

  1. Yzyna dolatmak, yzyna öwürtmek.

    • Mämmet mallary çolugyna gaýtartdy.

  2. Bir zady yzyna, öňki eýesine öwürip berdirmek, gowşurtmak, ibertmek.

    • Sapar, sen ähli çuwalgyzlary gaýtartdyň, biziň işeňňir gyzlarymyzyň köpüsi başga kolhozlara siňdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyn eteginde)

  3. Eldilen söwdany goýbolsun etdirmek, bozdurmak, sökdürmek.

    • Ol oglynyň alan motaryny gaýtartdy.

  4. Iýenini gusdurmak.

    • Bikä margansowka içirip gaýtartdyk.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gaýtartmak - gaýtardýar, gaýtardar, gaýtardypdyr.