gaýtalap-gaýtalap

[gaýtala:p-gaýtala:p]

  1. Birnäçe gezek, yzly-yzyna, öwran-öwran.

    • Şol aýdym öz ýüreklerinden turan daýhanlar ony gaýtalap-gaýtalap aýtdyrypdyrlar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Beýle zadyň ýoklygyny, bolup-da bilmejekdigini gaýtalap-gaýtalap aýtdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  2. Nygtap-nygtap, aýratyn üns berip, pugta tabşyryp.

    • Meseläniň ähmiýetini gaýtalap-gaýtalap aýtmak.