Demirgazyk-gündogar tarap ileriň garşysyndaky tarap.
Tamyň gündogar ileri çüňkünde we günbatar gaýra çüňkünde el pulemýotyny gurdular. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Yz, arka tarap, ýeňse.
Gezek, sapar, ýola, mertebe.
Içine-de çöwüp bäş-alty gaýra depdi. («Görogly» eposy)
Kömekçi söz rolunda:
Olar dagyň gaýrasynda ýerleşdiler.
seret basmak
Mürzeweniň aty «ýeser», gamçylasaň, gaýra basar. (nakyl)
Yza süýşmek, yza çekilmek.
Jemagat gaýra çekildi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Aýsoltan öz hereketini duýman, bir ädim gaýra çekildi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Keselliniň keseli ýagşylanan ýaly bolup, gaýtadan beterlemek nähoşlamak, gaýralamak.
Ýöne men syrkaw adam gaýra üzülmesin -- diýip gaýgyrdym. (A. Gowşudow, Eserler)
Ýer çeken, ýuwaş, ýuwaş, kakaň eşiderem, onsoň ýene gaýra üzülip öňküdenem beter bolar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)