gaýnatmak gaý‧nat‧mak işlik

  1. Suwutlygy gaty gyzdyryp, temperaturasyny ýokarlandyryp lakyrdatmak.

    • Eje çaý içseň-ä gaýnadaýyn! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Nurberdiniň kalbyndaky hyýaly, bozdy onuň çaý gaýnadýan aýaly. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Gaýnaýan suwda saklamak, bişirmek.

    • Kirli geýimi gaýnatmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gaýnatmak - gaýnadýar, gaýnadar, gaýnadypdyr.

bogazyňda gaýnatmak

Aýratyn joşgun, heň bilen aýtmak.


Duş gelýän formalary
  • gaýnadaly
  • gaýnadan
  • gaýnadardym
  • gaýnadarlar
  • gaýnadarys
  • gaýnadaýyn
  • gaýnadyp
  • gaýnadypdyrlar
  • gaýnadýan
  • gaýnadýar
  • gaýnadýardy
  • gaýnadýarlar
  • gaýnadýaryn
  • gaýnatdy
  • gaýnatdygyňça
  • gaýnatdylar
  • gaýnatdym
  • gaýnatjakdygy
  • gaýnatma
  • gaýnatmaga
  • gaýnatmagy
  • gaýnatmagyň
  • gaýnatmak
  • gaýnatmakdan
  • gaýnatmakdy
  • gaýnatmaklary
  • gaýnatmaklyk
  • gaýnatmalam
  • gaýnatmaly
  • gaýnatmany
  • gaýnatmanyň
  • gaýnatmasy
  • gaýnatmasyndan
  • gaýnatmazmy
  • gaýnatsaň