gaýnamak işlik

  1. Güýçli gyzdyrylmak, temperaturasy ýokarlandyrylmak zerarly bugaryp lakyrdamak, lygyrdamak (suwuklyk hakda).

    • Çaý-naharyň gaýnap dur, elektrik tok bilen. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  2. Göçme manyda Gyzgalaňly bolmak, möwç almak, joşmak.

    • Zawoddaky gündelik gaýnan durmuş bir bada söndi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Keranynda durmuş joş alyp gaýnar, otluk ýaýlalarda mallarymyz gaýnar. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)