gaýmalaşmak işlik

[ga:ýmalaşmak]

  1. Birnäçe bolup, ganat ýaýyşyp uçmak, hawada ýaýylyp ýörüşmek.

    • Al howada gaýmalaşýan guşlaryň, ganatynda görnükli bir haty bar. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Kä ýerde garaguşlar gaýmalaşýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Bir zadyň töwereginde aýlanyşyp ýörmek, hereket edişip ýörmek.

    • Adamlar howlukmaç gaýmalaşýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

gözüň öňünde gaýmalaşmak

seret göz

  • Oňun gözüniň öňünde otur alamatynyň suraty gaýmalaşýardy. (J. Akyýew, Mergeniň Ogly)

  • Olaryň gözleriniň öňünde Aşgabat köçeleri gaýmalaşyp başlady. (A. Gowşudow, Eserler)