gaýmaklamak işlik

  1. Bişirilende süýdüň ýüzünde gaýmak emele gelmek, gaýmak bitmek.

    • Aky hem ýüzi gaýmaklap duran ýyljak süýdi derrew içip boldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Suwuklyklaryň we ş. m. ýüzünde ýukajyk örtük emele gelmek.

    • Suwuň gyrak-bujaklarynda buz gaýmaklap görünýän ýerleri-de bardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Daňa golaý gaýmaklap donaň çägeler esgerleriň aýaklarynyň aşagynda ykyrdaýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Gaýmaklap başlady derýalar, jarlar. (B. Kerbabaýew, Aýlar)