Maşyn tikini ýaly örän maýda edilip tikilýän tikiniň bir görnüşi.
Näzik onuň-munuň halysyny dokap, gaýmasyny gaýap, keşdesini çekip, el hünäri bilen hyzmat edýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Hakykatdan-da garry ýaş başyndan bu gyza keşde etmek, gaýma gaýamak, haly çitmek ýaly el hünäri işlerini öwredip başlamagy bilen oňa edepli bolmak terbiýesini-de berip başlapdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)