gaýgy-gam

Adamlarda döreýän gussa, gaýgy, alaja, ünji, pikir, hasrat.

  • Şol görnüş Artygyň gaýgy-gamyny başyndan ýadawlygyny endamyndan sogrup alana döndi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Senda çigit ýaly gaýgy-gam ýokdur. (Ata Salyh, Eserler)

  • Gaýgy-gam galmady ýürek astynda, üç-dört agyz goşgy düz diýýär göwnüm. (Durdy Gylyç, Goşgular)